- guşluk
- 11) Günüň guş uçum belentligine galýan wagty, günüň ýaňy ýokary saýlanyp başlan wagtlary.∙ Gün guşluk galan wagty bularyn howlusyna üýtgeşik myhmanlar gelip girdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Wagt guşlukdan geçdi. («Mydam Taýýar» gazeti)∙ Bugün eýýäm guşluk bolupdyr. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Gün guşluga gelende işiň depgini güýçlenip ugrady.2) Gündogar bilen günbataryň aralyk tarapy.∙ Guşlukdan bir otly göründi.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem guşluk - guşlugy.2Guşuň köp ýeri, guşuň köp bolýan ýeri.Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem guşluk - guşlugy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.